Italiýa uniwersitetlerine kabul edilmek üçin täze düzgünler

Italiýa uniwersitetlerine kabul edilmek üçin täze düzgünler

 

Synagy islän wagtyňyz tabşyryp bolmaz

Siz ony ýylda birnäçe gezek tabşyryp bilersiňiz, ýone belli bir döwürde diňe 1 gezek rugsat berilýär. Bir netijäni dürli uniwersitetler üçin ulanyp bolýar.

Synagy öýden onlaýn görnüşde ýa-da uniwersitetiň özünde tabşyryp bolýar.

 

Synagyň mazmuny

Synag 55 soragdan ybarat bolup, ony ýerine ýetirmek üçin 110 minut berilýär. Synagda matematika, logika, fizika, himiýa we biologiýa boýunça bolýar.

Saýlanan hünäriňize baglylykda diňe käbir bölümlerüýgäp biler. Resminamalary tabşyrmazdan ozal, hökman öz programmaňyzyň talaplaryny barlaň.

 

Synag haçan geçirilýar?

  • Noýabr – Ýanwar: Netijeler – 30-njy ýanwar
  • Fewral – Mart: Netijeler – 31-nji mart
  • Aprel – Iýun: Netijeler – 30-njy iýun
  • Sentýabr – Oktýabr: Netijeler – 31-nji oktýabr

 

Synagyň bahasy – takmynan 55 ýewro

 

Möhüm!

Uniwersitetiň soňky resminama tabşyrmaly möhleti, mysal üçin, fewralyň ahyrynda bolsa we siz resminamalary diňe ýanwarda tabşyryp başlasaňyz, synagy tabşyrmaga we netijeleri ibermäge ýetişmersiňiz.

Şonuň üçin 2026-njy ýylda Italiýa okuwa girmek isleýän bolsaňyz, taýýarlyga eýýäm häzirden başlaň.

 

 

Bu uniwersitetde okamak isleseňiz, Adyl maslahat merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Biz siziň okuwa girmek prosesindäki her bir ädimiňizde goldaw bermäge taýyn.

Adyl barada

Merkezimiz çagalar we ulular üçin iň ýokary derejede bilim bermek üçin ähli şertleri üpjün edip, ýokary hilli bilim programmalaryny hödürleýär. Türkmenistanda öňdebaryjy okuw we maslahat beriş merkezi bolandygymyza buýsanýarys, dürli dersler boýunça kurslar hödürläp, her bir okuwçynyň mümkinçiliklerini açmaga kömek edýäris.